Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň taryhyny öwrenmek, merdana pederlerimiziň sarpasyny belentde tutmak, şu günki we geljekki nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, medeni ýadygärlikler bilen tanyşdyrmak maksady bilen TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan etrabymyzyň çäginde ýerleşýän Bathyz döwlet tebigy goraghanasyna gezelenç guraldy. “Milli miras – terbiýäniň özeni” atly şygar astynda guralan gezelenç hemmeler üçin diýseň täsirli boldy.
Bu ýerde Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri çykyş edip, olar goraghana bilen içgin tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň gyzyl kitabyna giren haýwanlary, ösümlikleri gorap saklamagyň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň etdiler we goraghananyň gözel ýerlerine gezelenç etdiler.
Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar taryhy ýerlerimizi öwrenmäge, olary gorap saklamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.
Aknur GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Tagtabazar etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.