Ýolöten etrap häkimliginiň mejlisler zalynda etrap Zenanlar guramasynyň, TMÝG-niň etrap Geňeşiniň, etrap kazyýetiniň bilelikde guramagynda edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gyz-gelinleriň arasynda «Maşgala mukaddesligi ezizdir hem mäkämdir» ady bilen terbiýeçilik ähmiýetli maslahat duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýen ajaýyp sözünden ugur alyp, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, ýaş maşgalalaryň arasynda agzybirligi gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli gürrüňler edildi. Mährem enelerimiziň zenanlara beren täsirli maslahatlary bolsa, duşuşyga gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy.
Ýaşlaryň bagtyýar geljegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Meretgeldi ANNAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň başlygy.