TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

Ýakynda körpe nesliň ene-mamalarymyzdan galan milli gymmatlyklarymyza bolan höwesini artdyrmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, şeýle-de, döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň 8-nji çagalar bagynyň bilelikde guramagynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga 8-nji çagalar bagynyň körpeleri gatnaşyp, olar milliligimizi, däp-dessurlarymyzy açyp görkezýän, çagalar bagynyň terbiýeçileri tarapyndan ýörite guralan sergä aýlandylar. Şol bir wagtyň özünde terbiýeçiler çagalara bu ýerdäki gurallar, ýerleşdirilen eksponatlar hakynda giňişleýin gürrüň berdiler we olaryň ulanylyşyny düşündirdiler. Terbiýeçiler çagalara täsirli gürrüň bermek bilen ene-mamalarymyzdan gelýän el işleriň edilişini öwretdiler.

Bu ýerde çagalar ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, sowatly bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Kerim ALTYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI