TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

TMÝG-niň Mary şäher Geňeşiniň, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ýaşlar ýurdumyzyň sarsmaz binýady» ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň many-mazmunyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek hem-de onuň ähmiýetini düşündirmek, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde ýurdumyzda alnyp barylýan işleri wagyz etmek maksady bilen mugallymçylyk mekdebinde geçirilen söhbetdeşlik duşuşygyna talyplardyr mugallymlar gatnaşdylar.

Täsirli geçen söhbetdeşlik duşuşygynda TMÝG-niň Mary şäher Geňeşiniň başlygy, Mary şäher halk maslahatynyň başlygy, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary çykyş etdiler. Çykyş edenler eziz Diýarymyzda ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak, ýaş nesilleriň bilim derejesiniň ýokarlanmagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin döredilýän mümkinçilikler, üstümizdäki ýylyň ösüşli gadamlary hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Myrat HANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI