Täze ýyl baýramçylygy

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Serdarymyzyň dowam etdirmeginde adalatly, parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda – syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda günsaýyn beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. Häzirki wagtda türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan watanymyzda baýramçylyklar goşa-goşadan gelýär. Ýurdumyzda giňden bellenip geçilýän ulylaryň we körpejelerimiziň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygam gelip ýetdi. Ýurdumyzda täze ýyl baýramçylygyny şatlyk şowhunda geçirmeklik üçin uly işler alnyp barylýar. Jemgyýetçilik binalarynyň öňünde bir-birinden owadan kaşaň arçalar oturdylýar, şähermiziň köçeleriniň ugrundaky daragtlary dürli öwüşginli çyrajyklar bezeýär, meýdançalardyr seýilgähleri şowhunly konsert meýdançalaryna öwrülmäge taýynlanýar. Welaýatlarda etrap şäherçelerde täze ýyl mynasybetli dabaralar geçirilýär. Olar özboluşly bezegler bilen bezelýär. Baýramçylyk çärelerine tanymal sungat ussatlary, artistler, çagalar döredijilik toparlary, şeýle-de, baýramyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk gatnaşýar. 2023-nji ýyly garşylamaga ýokary derejede ähmiýet berilýär. Bize şeýle baýramçylyk çäreleri ýokary derejede geçirmäge uly mümkinçilikler döredip berýän ýaşlaryň hak howandary Gahryman Arkadagymyz,Arkadagly Serdarymyzyň jany sag ömri uzak bolsun tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Myrat GOŞAÝEW,

“Türkmendemirýollary” agentliginiň Magtymguly

adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň sanly

ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Noýabr 2025 | 38 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 53 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

29 Oktýabr 2025 | 108 okalan

BERKARARLYK ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI