Bu günki gün gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkymyzyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi dünýä ýüzüne ýaň salýar. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler gönüden göni il-halkymyzyň bagtyýar hem-de eşretli bol-elin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär.Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende göterilýändigine guwanyp-buýsanyp ynamly öňe barýan türkmen ilimiz bu günki gün bagtyýar zamananyň hözürini görüp ýaşaýarlar. Biziň halkymyz kämil derejedäki amaly-haşam sungatyny şeýle hem gözellikden gözbaş alýan ajaýyp milli lybaslary döredip, dünýäde deňi-taýy bolmadyk özboluşly senedi bilen dünýä medeniýetine öz mynasyp goşandyny goşan halkdyr. Biziň halkymyzda “Azapsyz ýeriň ady ýok” diýen söz bar. Türkmen gelin-gyzlarynyň azabyndan, yhlasyndan, gujur-gaýratyndan dörän dünýäde deňi-taýy bolmadyk owadan el halylardyr, keçeler, inçe nagyşlar, nepis keşdeler uly bir sungat derejesine ýetip dünýä meşhur bolupdyr.Aslynda türkmen öýüni duz-çöreksiz göz öňüne getirip bolmaýşy ýaly, zenanlaryň yhlasy, ýürek ýylysy siňen keçesiz, halysyz hem göz öňüne getirmek mümkin däl diýen ýalydyr.Tebigat gözellikleri bolan gül-gunçalar bilen bäsleşýän haly-palaslarymyzyň, keçelerimiziň nepislikde asla deňi-taýy ýokdur.Ençeme asyrlaryň dowamynda biziň halkymyz haly dokamagyň,keçe salmagyň inçe syrlaryny, olaryň özboluşly tilsimlerini örän aýowly saklap şu günlerimize ýetiripdirler. Türkmen zenanlary ähli döwürlerde-de el işlerini nusgalyk derejede sünnäläpdirler. Eger-de türkmen halysy ýaly haly, keçesi ýaly keçe, ketenisi ýaly keteni dünýäde ýok bolsa, olary döreden çeper elli gelin-gyzlar, mährem eneler hem bütin dünýäde tapylgysyzdyr.Türkmen halkynyň hem ähli milletleriňki ýaly özüne mynasyp gyz-gelinleri bar.Olar her bir maşgalanyň asudalygydyr. Asudalygada taý geljek zat ýokdur.Ine sungat derejesine ýeten türkmen keçelerini döredip bilýän hem biziň gelin-gyzlarymyzdyr.Biziň zähmetsöýer gelin-gyzlarymyz her döwürde-de öz el işlerini nusgalyk derejede sünnäläpdirler. Eli çeper zenanlarymyz öz döredýän nagyşlaryna öz halkynyň taryhyny, göwün hyýallaryny, arzuw-isleglerini siňdiripdirler.Halkyň baý milli mirasy, owadan halylar hem-de keçeler gözüňe has ýakymly görünýär.Sebäbi şol owadan halylarda, keçelerde mähriban enelerimiziň we mamalarymyzyň elleriniň yzy bar, olara siňdiren mähir-muhabbeti bar. Bu asylly ýörelgeler bolsa ata-baba şu günki günlerimize mynasyp dowam edip gelýär.Türkmen halkymyzda kesp-käri atadan ogula, eneden gyza geçirmek däbi bar.Türkmen zenanlarynyň başarjaň elleriniň ajaýyp sungaty bolan türkmen keçelerimiz biziň ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrypdyr.Türkmen halkynyň arasynda “ALTYN ÝAÝLA” saýylan Garagum sährasy ençeme asyrlaryň dowamynda ilaty goýnunda saklap gelipdir.Türkmen halky bu ýerlerde gara öýleri dikip, içini daşyny halylardyr, keçeler bilen bezäp, has giňden ulanypdyr. Bize şeýle ata-babalarymyzdan galan milli mirasymyzy halk köpçüligine ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza Köp sagbolsun aýtýas goý olaryň jany sag ömri uzak tutumli işleri rowaç alsyn.
Annajahan ILLEKOWA,
Aşgabat dokma toplumynyň Magtymguly
adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.