BU GÜN DÜNÝÄ TARYHYNDA NUR SAÇÝAR, WATANYMYZ TÜRKMENISTAN AT BILEN!

Golaýda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýetde, bilimde, saglygy goraýyşda, halkara hyzmatdaşlygynda gazanan üstünliklerini ýaşlara wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Bu gün dünýä taryhynda nur saçýar, Watanymyz Türkmenistan at bilen!» atly brifing duşuşygy geçirildi.

Brifingda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň “Syýasy jemgyýetçilik” bölüminiň redaktory Gülbahar Amangeldiýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Orazgeldi Saparow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Mekan Kakalyýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy Ogulşirin Akyýewa, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Myrat Goşaýew dagy çykyş etdiler. Olar ýurdumyzda öňe sürülýän döwlet syýasatynyň netijesinde syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda durmuşa ornaşdyrylýan beýik işler hem-de dostlukly halkara hyzmatdaşlyklarynyň döwletimiziň, jemgyýetimiziň we halkymyzyň ösüşinde özüniň oňyn netijelerini berýändigi, munuň aýdyň mysaly hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet, iş saparlary hem-de ýurdumyzda geçirilýän halkara çäreleri, maslahatlary barada beýan etdiler.

Şeýle hem brifing duşuşygynyň dowamynda oňa gatnaşan bank ulgamynyň ýaş hünärmenleri hem-de bagtyýar talyp ýaşlar çykyş edenlerden özlerini gyzyklandyrýan sowallara kanagatlanarly jogaplary aldylar.

Duşuşygyň ahyrynda asuda, parahat durmuşda ýaşamaga, işlemäge, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan edildi.

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

06 Noýabr 2025 | 19 okalan

ÝAŞASYN PARAHAT DURMUŞ

04 Noýabr 2025 | 50 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI