Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günimiz üstünliklere beslenýär. Zemine gyş paslynyň gelmegi bilen tebigatyň görnüşi düýp-göter üýtgeýär. Ýylyň ähli paslynda hem paýtagtymyzyň älemgoşar öwüşginli gülleri, ýaşyl baglary, ajaýyp seýilgähleri we onuň tämiz howasy islendik ýaşdaky adama güýç kuwwat berýär. Şu günler Aşgabadymyz has hem gözel, gözegelöwli. Her bir edara-binalaryň öňündäki, elmydama ýaşyl öwsüp duran giň ýollaryň ugrundaky dürli öwüşginli yşyklar bilen bezelen baglardyr arçalar göwünleri galkyndyrýar. Ýetip gelýän Täze ýyl baýramynyň öwüşginine beslenen ata Watanymyz ertekilerdäki ýaly altyn gümmezli, köşgi-eýwanly şähri-bossanlygy ýatladýar. Täze ýyl baýramçylygy-şatlyk-şowhunynyň, ajaýyp arzuwlaryň dabaralanmasy bolup, mähriban halkymyza mähir we tükeniksiz şatlygy bagyş edýär. Ýurdumyzda bagt bolup dolýan Täze ýyl çagajyklara ýatdan çykmajak şatlykly duýgulary paýlaýan baýramçylykda adamlar birek-birege sowgat berip, şirinden-şirin arzuw edýär. Täze ýyl baýramçylygynyň dabarasynyň güneşli Diýarymyzda belentden tutulýandygyna buýsanjyňy has-da artdyrýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde häzirki wagtda 2023-nji Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary ulydan bellenilip geçilýär. Şeýle baýramçylyk dabarasy mynasybetli Büzmeýin etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda “Şamelek” toý mekanynda etrabyň çäginde ýerleşýän Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda “Täze ýyl şowhuny bagt paýlaýar diýara” atly şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy bellenilip geçildi. Bu baýramçylyk dabarasynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň döredijilik toparynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdymlar aýdyldy we tans toparlarynyň çykyş etmeginde tanslar ýerine ýetirildi. Çykyşlaryň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözler aýdyldy.
Aýna ORAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.