WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde “2023-nji ýyl – Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilendigini bellemek ýakymly. Bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň maksady BMG-niň Tertipnamasynyň jedelleri parahatçylykly ýollar bilen çözmek we geljekki nesilleri dawa-jenjellerden halas etmek baradaky esasy ýörelgelerine halkara giňişligiň ünsüni çekmekden ybaratdyr. Bu wajyp resminama ýurdumyzyň öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygyny we Bitaraplyk syýasatynyň häzirki döwürde ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde oňyn orun eýeleýändigini aňladýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda öňe sürlen “2023-nji ýyl – Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň gurnamagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlyklary, işjeň agzalar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara okamaga, zähmet çekmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, belent tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Oguljahan TÖRÄÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

20 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI