ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY

Golaýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň 1-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň, Magtymguly etrap polisiýa bölüminiň hem-de Magtymguly etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda mekdep okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Onuň dowamynda çykyş edenler, ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanyp, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri kemala getirmek, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň berk binýadyny gurmak ugrunda ýaş nesilleriň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ýaýbaňlandyryp, ýokary netijeli sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada täsirli çykyşlary etdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ähli halkymyz, şol sanda ýaş nesil hakynda yzygiderli tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Humaý ANNAGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 26 okalan

ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY