EDEP-TERBIÝELI ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BEZEGI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda, ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça  alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, ýaş nesillerde türkmen halkyna mahsus bolan asyllylyga, ar-namyslylyga, arassa ahlaklylyga, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy ündemek maksady bilen «Edep-terbiýeli ýaşlar – döwrümiziň bezegi» atly şygar astynda duşuşyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler berkarar Watanymyzyň egsilmez kuwwaty bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy, olaryň milli hem-de döwrebap ruhda terbiýelenmegi, döwrebap ylym-bilim almagy, hünär edinmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň okgunly ösüşiniň esasy şertleriniň biridigini, şeýle mizemez hakykatdan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň ählitaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri babatdaky köptaraply aladalary dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürendigi barada buýsanç bilen çykyş etdiler.

Duşuşyk çäresiniň dowamynda ýaşlaryň bagtyýar geljegi üçin uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Hakmyrat KIŞJIKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň

şahamçasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar