Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň hem-de professor-mugallymlar düzüminiň gatnaşmagynda belli türkmen žurnalisti we syýasatçy Bekdurdy Amansaryýew bilen duşuşygy geçirildi. «Orient» elektron neşiriň baş redaktory, filologiýa ylymlarynyň kandidaty B.Amansaryýew bilen geçirilýän şeýle duşuşyklar žurnalistika ulgamynda ajaýyp däbe öwrülýär. Her okuw ýylynyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dekanaty belli türkmen žurnalisti halkara žurnalistika fakultetiniň talyplary bilen duşuşmak üçin yzygiderli myhman hökmünde çagyrýar.
Duşuşykda žurnalistika hünäriniň inçe taraplary we meseleleri barada açyk gürrüňler boldy. Bu gürrüňler gatnaşyjylaryň hiç birini biparh goýmady, sebäbi çykyş eden myhmany ýurdumyzyň iň tejribeli žurnalistleriniň biri hökmünde köp ýyllaryň dowamynda dürli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işledi. Ençeme ýyllaryň dowamynda B.Amansaryýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň ýolbaşçysy bolup işledi.
Žurnalistika hünäriniň amaly taraplary barada talyp ýaşlar bilen geçirilen gyzyklanma döredýän gürrüňdeşlik uzaga çekdi. Žurnalistiň anyk maglumatlar bilen işlemek aýratynlyklary, şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda gürrüňdeşlikde çykyş edýän şahsyýeti açmak boýunça tejribeler geljekki žurnalistler üçin aýratyn peýdaly boldy.
Duşuşygyň ahyrynda talyplar we mugallymlar Bekdurdy Amansaryýewe gyzykly mazmunly gürrüňi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde şeýle duşuşyklarynyň dowam etdirilmegini arzuw etdiler.
turkmenistan.gov.tm