Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen deň hatarda ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde orta mekdeplerde kakylan jaňlar täze 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanandygyny buşlady. Mekdeplerde ilkinji okuw sapagy şu ýylymyzyň şygary bilen baglanyşykly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ady bilen geçirildi. Şeýle hem 1-nji synpa gadam basan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan döwrebap kompýuter sowgatlary gowşuryldy.
Her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze bilim ojaklarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem asylly däbe öwrüldi. Çärjew etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hem ýaş nesil baradaky aladalaryň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde, giň dünýägaraýyşly, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmekde, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Ogulsapar JORAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.