BÄHERDEN ETRABYNDA DÖWREBAP ÇAGALAR BAKJA-BAGY AÇYLDY

Ýakynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bamy geňeşliginiň çäginde 320 orunlyk döwrebap çagalar bakja-bagynyň açylyş dabarasyna etrabymyzyň bagtyýar ýaşlary hem uly ruhubelentlikde gatnaşdy.

Aýdym-sazly joşgunly çykyşlar bilen açylyp, ulanylmaga berlen täze 21-nji çagalar bakja-bagy iki gatly binadan ybarat bolup, onda çaga toparlarynyň 16-sy üçin ýokary derejeli şert-mümkinçilikler göz öňüne tutulypdyr.

«Iki çynar» hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy ýerine ýetirilen terbiýeçilik ojagynyň ajaýyp binasy hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli çagalara ajaýyp sowgady boldy.

Mamagözel BOZZYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

12 Sentýabr 2025 | 18 okalan

MAŞGALA — JEMGYÝETIŇ BERK BINÝADY

12 Sentýabr 2025 | 18 okalan

MILLI SIRK SUNGATYMYZYŇ ÖSÜŞLERI