KUWWATLY KÄRHANA IŞE GIRIZILDI

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň çäginde çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça önümhanasy işe girizildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýunyň bosagasynda bu kuwwatly desganyň açylyp, ulanylmaga berilmegi özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

«Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň çäginde gurlan, bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça önümhanada zähmet çekmek bagtyna mynasyp bolanlaryň aglabasy ýaşlardyr. Olar Germaniýa, Italiýa, Fransiýa, Belgiýa, Türkiýe ýaly dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň bu ýerde ornaşdyrylan dürli önümçilik ulgamlaryny we enjamlaryny ussatlarça dolandyrarlar. Şeýle-de ýokary hilli çüýşe gaplarynyň dürli görnüşleriniň önümçiligine saldamly goşandyny goşarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň senagat pudagynyň ösmegi we ykdysady kuwwatynyň artmagy, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Wepa ANNABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

12 Sentýabr 2025 | 18 okalan

MAŞGALA — JEMGYÝETIŇ BERK BINÝADY

12 Sentýabr 2025 | 18 okalan

MILLI SIRK SUNGATYMYZYŇ ÖSÜŞLERI