TÜRKMENISTANDA «ÝAŇLAN, DIÝARYM! – 2025» TELEBÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI YGLAN EDILDI

Şu gün «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym! – 2025» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ýurduň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guraldy.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiş gazanan ýaşlaryň 14-si gatnaşdy.

Netijede, iň gowy ýaş aýdymçylaryň 7-si «Ýaňlan, Diýarym! – 2025» telebäsleşiginde öňe saýlanmagy başardy.

Ýeňijiler bäsleşikde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanandyklary üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Ýaňlan, Diýarym! – 2025» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry, degişli şahadatnama we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, ýurduň şu aýdymçy ýaşlary «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi:

— Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy Aýna Begenjowna Baýramgeldiýewa;

— Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gurbangözel Gurbanmyradowna Gurbanmyradowa;

— Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Alp Arslan Ýusupowiç Ýusupow;

— Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap geňeşiniň işgäri Ýunus Aşyrdurdyýewiç Aşyrdurdyýew;

— Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Köneürgenç etrap medeniýet merkeziniň tans artisti Yhlas Durdygylyjowiç Atekäýew;

— Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Saýat etrap medeniýet bölüminiň Esgi geňeşligindäki Gyzylgaýa oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Resul Guwanjowiç Guwanjow;

— Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Remezan Bäşimmuhammedowiç Işankulyýew.

turkmenportal.com

07.09.2025ý.