BILIM BILEN BEÝIK GELEJEK GURULÝAR

Ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda bilim syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaş nesliň sagdyn we bagtyýar ösmegi, döredijilik ukybyny artdyrmagy maksady bilen döwrebap enjamlar ornaşdyrlan orta mekdepleriň täze binalarynyň ençemesi gurlup ulanylmaga berilýär. Döredilýän şertlerden, giň mümkinçiliklerden ruhlanýan türkmen ýaşlary bu gün dünýäde ylym, bilim ulgamlarynda özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezýärler.

Watanymyzyň baýdak göterijisi bolan bagtyýar ýaşlarymyz özleriniň saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolup Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Ýaşlaryň ylym-bilim bilen meşgullanmagy üçin hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap kitaphanalar hereket edip, olaryň çäginde dürli çäreler geçirilýär.

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň welaýat Kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda, welaýatyň talyp ýaşlarynyň okuwlaryndan boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Çäräniň dowamynda talyp ýaşlar bellenen wagtyň dowamynda türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgular toplumynyň atlaryny ýazmak we  çeper okamak boýunça bäsleşdiler.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşan we ýeňiji bolan talyplara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Orazgül AMANMÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 29 okalan

BILIM BILEN BEÝIK GELEJEK GURULÝAR

05 Sentýabr 2025 | 97 okalan

YLYM-BILIM ULGAMYNDA ULY ÖSÜŞLER GAZANYLÝAR

04 Sentýabr 2025 | 73 okalan

TÄZE OKUW ÝYLYNA TÄZE MEKDEP BINASY