ÝOL HOWPSUZLYGY — ESASY ALADAMYZ

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň Gumdag şäherçe bölümçesi hem-de Gumdag şäherçesiniň 27-nji orta mekdebi bilen bilelikde guramagynda, her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlyk çäräniň geçirilmegi mynasybetli abadan ýollarymyzdaky hereketiň sazlaşygyny saklamak maksady bilen «Ýol howpsuzlygy — esasy aladamyz» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler, her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça ýurdumyzyň raýatlarynyň abadan durmuşyny has-da berkitmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjilere we pyýadalara ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmeklerine döredilýän mümkinçilikler, ýaşlara ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde pyýadanyň we sürüjiniň borçlarynyň dogry ýerine ýetirişleri, ses duýdurmasyny ulanmagyň düzgünleri, ýol belgilerine, ulaglaryň aradaşlygyna doly üns berilmelidigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar durmuşy barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza  tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Amangözel EŞEROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Gumdag şäherçe bölümçesiniň guramaçylyk

bölümüniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Sentýabr 2025 | 13 okalan

GARAŞSYZLYK – MILLI BUÝSANJYMYZDYR

17 Sentýabr 2025 | 32 okalan

SPORT SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY