MAŞGALA AGZYBIRLIGI – DÖWLETLILIGIŇ GÖZBAŞY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň guramagynda Türkmenbaşy etrap hassahanasynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda ýaşlarda ruhy-ahlak, medeni-aň bilim, beden we zähmet terbiýesini terbiýelemek, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, ýaş maşgalalaryň arasynda agzybirligi gazanmak hem-de maşgala mukaddesligine bolan söýgi döretmek maksady bilen «Maşgala agzybirligi – döwletliligiň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda gelin-gyzlarymyza mahsus bolan asyllylygy, mähremligi, arassaçylygy, utanç-haýalylygy, päkizeligi, maşgala gymmatlylygyny, şeýle-de ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessurlarymyz barada aýdyp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, bagtyýar halkymyzy, şeýle-de röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz barada uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Akmuhammet NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

10 Noýabr 2025 | 5 okalan

OŇYN ÖZGERTMELER ROWAÇLANÝAR

10 Noýabr 2025 | 10 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI