HEREKETIŇ SAZLAŞYGY – AK ÝOLLARYŇ ÝARAŞYGY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi, etrap polisiýa bölümi hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» ady bilen ýaýbaňlandyrylan köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak maksady bilen, etrabyň 9-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda «Hereketiň sazlaşygy – ak ýollaryň ýaraşygy» atly wagyz–nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler, ýol hereketinde ýüze çykýan näsazlyklaryň öňüni almak, düzgün bozulmalara ýol berilmezliginiň ähmiýeti dogrusynda okuwçylara giňişleýin düşünje berdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, halkymyzyň saglygyny goramakda bimöçber işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Akgül HYDYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar