TARYHY BUÝSANÇLY-GELJEGI RÖWŞEN

Ýakynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda «Taryhy buýsançly-geljegi röwşen» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda ýaşlaryň däp-dessurlara, milli mirasa, geçmişde öçmejek yz goýan taryhy şahsyýetlere bolan söýgüsini we buýsanjyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 1 okalan

EDEBIŇ BAŞY SALAMDAN BAŞLANÝAR

03 Noýabr 2025 | 62 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 94 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI