BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

Ýakynda, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň “Kejebe” toý mekanynda Halaç hem-de Kerki etraplarynyň etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölümi bilen bilelikde guramagynda türkmen halysynyň baýramy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli, aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Ýurdumyzda halyçylyk sungatyna uly üns berilýär. Haly — türkmeniň haly-ahwaly, durmuşy, geçmişi, şu güni, bahar-ýazyň owadan keşbine beslenen ajaýyp ýaýlalary, daglary, urp-adaty, kalp gözelligi. Ol zenanlarymyzyň köňlüniň hem aňynyň iň bir ajaýyp önümi. Türkmen halylarynyň ajaýyp gölleriniň ýurdumyzyň esasy döwlet nyşanlarynyň baş bezegidigini bellemek gerek. Munuň özi halkymyzyň şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygynyň, ajaýyp däplere we milletiň özboluşly dünýägaraýşyna ygrarlydygynyň beýany bolup durýar. Milli mirasymyz bolan halyçylyk sungatyna özleriniň irginsiz zähmeti bilen uly goşant goşýan halyçy zenanlarymyza bagyşlanan aýdym sazlar hem-de tanslar dabara gatnaşyjylara uly şatlyk paýlady.

Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Halaç etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 273 okalan

BITARAPLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

14 Iýul 2025 | 263 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

14 Iýul 2025 | 1302 okalan

WATAN GORAGY MUKADDESDIR