BITARAPLYK YKBALLARYŇ ARZUWY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi etrabyň medeniýet merkezinde Bitaraplyk ykballaryň arzuwy” atly şygar bilen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirdi. Oňa etrabyň öňdebaryjy ýaşlary gatnaşdy.

Bu geçirilen söhbetdeşlikde häzirki ajaýyp döwrümiz halkyň taryhy taýdan mümkinçiliklerini, parahatçylyk söýüjilik ýollaryny gaýtadan dikeldip, hemişelik Bitaraplygynyň dünýäde uly orun eýeleýän döwri bolup, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi şeýle hem üstümizdäki ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýunyň toýlanylmagynyň uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýändigi hem-de munuň özi Türkmenistanyň geçen taryhy ýolunyň, hoşniýetlilik ýörelgesiniň umumadamzadyň taryhynda hem uly orun eýeleýändigini aýdyň beýan edýandigi dogrusynda belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Sülgün PIRIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 36 okalan

SPORT-SAGDYNLYKDYR HEM-DE GÖZELLIK

17 Iýul 2025 | 35 okalan

SPORT – KÄMILLIGE BADALGA