SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI

Golaýda Daşoguz welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Daşoguz welaýatynyň sport toplumynda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda “Sport sagdynlykdyr” ady bilen sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Talyp ýaşlaryň arasynda sporty köpçülikleýin ösdürmek, sagdyn durmuşy wagyz etmek maksady bilen geçirilen woleýbol ýaryşy gyzykly hem-de çekeleşikli häsiýete eýe boldular. Netijede, emin agzalarynyň çözgüdi boýunça “Bagtyýar” topary birinji, “Uçýan top” topary ikinji, “Sagdynlyk” topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlara gurnaýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Hudaýnazar MEREDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň

başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 30 okalan

HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

18 Iýul 2025 | 20 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANDY