Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, Görogly etrap häkimligi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de etrap medeniýet, bilim, sport, bölümleri bilen bilelikde guramaklarynda Görogly etrabynyň merkezindäki «Görogly» dabaralar meýdançasynda «Owazasy dünýä dolan bedewim» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramçylygy mynasybetli şan-şöhraty dünýä dolan ahal-teke bedewlerimiziň waspyny ýetirmek maksady bilen guralan baýramçylyk dabarasynda etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar belentden ýaňlandy. Şeýle hem baýramçylyk dabarasynyň dowamynda etrabyň sport mekdepleriniň ýaş türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny görkezdiler. Bulardan başga-da baýramçylyk dabarasynda seýisçilik, atşynasyk sungatyna degişli keşpleri şöhlelendirýän surat sergisi hem guraldy.
Türkmen bedewiniň milli baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar ýyndamlygyň we owadanlygyň gaýtalanmajak nusgasy bolan ahal-teke bedewlerimiziň at-abraýyny dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýtdylar.
Güljemile AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.