BEHIŞDI BEDEWLER – UÇAR GANATYM

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Behişdi bedewler – uçar ganatym” atly surat çekmek we sergi bäsleşigini geçirdi.

Milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimizi çeperçilik sungatynda wasp etmek maksady bilen guralan bäsleşikde welaýatymyzdaky çagalar çeperçilik we çagalar sungat mekdepleriniň çeperçilik bölüminiň okuwçylaryň ençemesi gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini görkezdiler. Olar nakgaşçylyk, heýkeltaraşçylyk ugurlary boýunça öz eserlerinde milli buýsanjymyz bolan bedewlerimiziň keşbini çeper beýan etdiler. Netijede emin agzalarynyň gelen çözgüdi heýkeltaraşlyk ugry boýunça çeperçilik mekdebiň 4-nji synp okuwçylary Jahan Orazgulyýewa bilen Aziza Reýimbaýewanyň işleri, nakgaşçylyk ugry boýunça çeperçilik mekdebiň 1-nji synp okuwçysy Bibipatma Mämedowa, 2-nji synp okuwçysy Hatyja Hudaýbergenowa, 3-nji synp okuwçysy Senemjan Batyrowa, 4-nji synp okuwçysy Şahla Jasurbekowa dagynyň işleri ýeňiji bolup, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Hudaýnazar MEREDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň wezipesini ýerine ýetirijisi.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 984 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 984 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 308 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN