«Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, şeýle-de ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň gurnamagynda «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde şol merkezde dynç alýan çagalaryň gatnaşmaklarynda «Kim çalasyn, kim çakgan» atly şadyýan bäsleşik geçirildi. Çagalaryň tomus möwsüminde wagtlarynyň manyly we gyzykly geçmegini, olaryň giň dünýägaraýyşly, ösen aň-düşünjeli bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen geçirilen ýaryşa çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar «Galkynyş» hem-de «Bagtyýarlyk» toparlaryna bölünip, çagalar hereketli oýunlaryň birnäçe görnüşi boýunça özara güýç synanyşdylar. Bellenilen aralyga ylgamak, tanap çekmek boýunça bäsleşikler çekeleşikliligi bilen tapawutlandy.
Ruhubelentlige beslenen ýaryş güýçli topary öňe saýlady. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de gatnaşyjylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.
Arazdurdy JÜMMIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.