AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy uly şatlyk-şowhuna beslendi. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzyň, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimiziň dabaralanmagyna mümkinçilik berdi.

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde dürli çärelere badalga berildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginiň, Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda Daşoguz şäheriniň Görogly meýdançasynda ähli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar raýatlarymyzyň we ýaşlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Şatlyk-şowhuna beslenen bu çärede welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Wepa ESENOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

30 Sentýabr 2025 | 47 okalan

SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 59 okalan

MASLAHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 41 okalan

AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI