Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, etrap häkimligi, etrabyň polisiýa we bilim bölümleri bilen bilelikde etrabyň medeniýet öýünde “Sagdyn jemgyýet – kuwwatly döwlet” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Wagyz-nesihat çäresinde etrap häkimliginiň, etrabyň polisiýa bölüminiň, TMÝG-niň ýerli Geňeşiniň wekilleri çykyş edip, Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimizde ýaş nesil hakyndaky aladanyň esasy orunda durýandygyny, ýaş nesliň zyýanly endiklerden daşda durmaklary, olaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary hem-de kämil, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri barada belläp geçdiler.
Farruhbek HAÝITOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Şabat etrap Geňeşiniň başlygy.