Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi, etrabyň merkezi kitaphanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kakabaý Ilýasowyň doglan gününiň 89 ýyllygy mynasybetli “Jeýhun joşgunly şahyr” atly edebiýat agşamyny geçirdi. Kitaphana okyjylarynyň gatnaşmagynda geçirilen edebiýat agşamynda Boldumsaz etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy hut özi bilen zähmet çeken Nargül Satybaldyýewa Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kakabaý Ilýasowyň ömri we döredijiligini, onuň daýhançylyk käri, daýhanlaryň häsiýetleri, oba durmuşy barada ýazan goşgularyny hem-de özüne beren gymmatly maslahatlaryny gürrüň berdi. Soňra kitaphana okyjylary ildeş şahyrymyzyň goşgularyndan çykyş etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde goşant goşan beýik şahslarymyzy ýaş nesilleriň öwrenmegi üçin döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlaryny aýtdylar.
Laçyn AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.