MAKET ÝASAMAK BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde plastik önümlerden dürli görnüşli şekilleri we maketleri ýasamak boýunça toparlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Talyplaryň ýasan maketlerinde ajaýyp döwrümizde gurulýan belent binalaryň, şanly ýylymyzy dabaralandyrýan nyşanlaryň şekilleri şöhlelendi. Netijede, institutyň ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň 1-nji ýyl talyplary birinji, ykdysadyýet we önümçiligi guramak hünäriniň 1-nji ýyl talyplary ikinji, buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň 2-nji ýyl talyplary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan talyplara jemgyýetçilik guramalar tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Kakabaý DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 984 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 984 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 308 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN