Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Daşoguz myhmanhanasynda “Berkarar döwletiň ganaty ýaşlar” atly şygar astynda brifing ýygnagyny geçirdi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyny dabaralandyrmak, ýylyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen brifing ýygnaga Görogly etrabyndan öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdy.
Çykyşlarda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli geçirilýän çäreler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çäreler barada, hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň 4-5-nji aprelinde Özbegistan döwletiniň Samarkant şäherinde geçirilen Ýewropa bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikdäki sammitindäki eden taryhy çykyşy barada şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilip geçirilen Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan etrap, welaýat, döwlet derejesindäki sport çäreleriň guramaçylykly geçirilişi, sport ulgamynyň ösüşleri dogrusynda gürrüňler edildi.
Brifing ýygnagyna gatnaşanlar türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýtdylar.
Begenç GARAMURADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.