Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramagynda «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna «Geçmişe syýahat – geljege buýsanç» atly gezelenç çäresi guraldy. Oňa etrabyň 51-nji orta mekdebinde okaýan ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdylar.
Gezelenje gatnaşyjylar «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň taryhy ýerlerine baryp, taryhy galalaryň aýratynlyklary, gadymy milli medeniýetimiz, ýerlerde alnyp barlan gazuw agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylýan taryhy tapyndylar, ýurdumyzda halkara guramalar tarapyndan milli gymmatlyklarymyzy, taryhy ýörelgelerimizi ýüze çykarmakda we ony giňden öwrenmekde alnyp barylýan beýik işler barada, şeýle-de taryhy ýadygärliklerimiziň aýratynlygy bilen içgin gyzyklandylar.
Şamyrat PIRMÄDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.