«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň merkezi kitaphanasynda «Arkadagly Gahryman Serdarly Watanymyzyň menzilleri şanly, şöhratly» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa etrabyň bilim, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.

Üstümizdäki ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan üçünji gezek kabul edilmegi mynasybetli guralan bu söhbetdeşlikde çykyşlara giň orun berildi. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolmak bilen, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýändigi barada gyzykly gürrüň etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny, şan-şöhratyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy.

Mergen ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.

Indiki makala

TÄSIRLI GEZELENÇ

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 665 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 974 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 294 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN