Ýakynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny” dabaralandyrmak Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek üçin edýän aladalaryny durmuşa geçirmek, güýçli türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşi etrabyň 2-nji sport mekdebinde “Sagdyn bolaýyn diýseň...” atly şygar astynda sportuň ýeňil atletika boýunça päsgelçilikden bökmek görnüşi boýunça ýaryş geçirdi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň ýeňil atletika boýunça päsgelçilikden bökmek görnüşi boýunça jemi 24 okuwçy gatnaşyp öz aralarynda bäsleşdiler. Okuwçylaryň arasyndaky duşuşyklar diýseň çekeleşikli geçdi. Netijede ýaryşda 1-nji orna Galandarow Şanur, 2-nji orna Aranow Kerim dagylar mynasyp bolup Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşi tarapyndan Hormat haty bilen sylaglandylar.
Gylyç GYLYJOW,
Ruhubelent etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ruhubelent etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.