ŞU GÜN ERTIRIŇ BINÝADY

Ýolöten etrabyndaky 19-njy orta mekdebinde etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmagynda «Şu gün ertiriň binýady» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, etrap hassahanasynyň lukmany şeýle hem  ýaşlar guramasynyň wekilleri çykyş etdiler. Olar ýaş nesilleriň sagdyn hem bilimli bolmagy üçin döredilýän mümkinçilikler, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde kada-kanunlaryň berk berjaý edilmegi hakynda alnyp barylýan işler hakymda gürrüň berdiler.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň ylym-bilim almagy, hünärli adamlar bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Jennet ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

12 Noýabr 2025 | 57 okalan

SPORT KÄMILLIGE BADALGA

11 Noýabr 2025 | 56 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

10 Noýabr 2025 | 92 okalan

KITAP — BILIMIŇ ÇEŞMESI