Sakarçäge etrabynyň 44-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän ylmy-döredijilik, taslama bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige 44-nji orta mekdebiniň okuwçylary özleriniň taýýarlan taslama işlerini hödürlediler. Bu işlere saýlanan temasynyň wajyplygy, meseläniň öwreniliş derejesi, maksady we wezipeleri, ylmy täzeligi ýaly şertler boýunça emin agzalary tarapyndan baha berildi.
Bäsleşikde Sakarçäge etrabynyň 44-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kerim Muhammedow birinji orna, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Tumar Myradowa ikinji orna, şeýle-de mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Aýgül Döwrangeldiýewa üçünji orna mynasyp boldular.
Hödürlenen taslama işleri ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýokary ösüş derejesini aýdyň şöhlelendirdi. Bäsleşik okuwçylaryň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny görkezdi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlar ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Çynar HOŞGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.