EL IŞLERI GADYMDAN GELÝÄN BAÝLYGYMYZDYR HEM-DE BIZE NUSGALYKDYR

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar gurmasynyň Ýolöten etrap zenanlar bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilen bilelikde guramagynda “El işleri gadymdan gelýän baýlygymyzdyr hem-de bize ömürlik nusgalykdyr” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini wasp edip, ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň birnäçesini gözkezdiler. Bäsleşige gatnaşan zenanlar şeýle ajaýyp döwri gurup beren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Jennet ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI