UNIWERSIADADAN MEDALLAR BILEN

     Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň assosiasiýasynyň we ylmy-barlag merkezleriniň VII uniwersiadasyna gatnaşdylar.

     Bu abraýly ýaryşda türkmen talyplary dürli derejeli medallaryň birnäçesine mynasyp boldular. Uniwersiada ildeşlerimizden başga-da, Gazagystanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar, şeýle hem häzirki wagtda Astrahan şäherinde bilim alýan gaitili, senegally, marokkoly, kamerunly, gwineýaly, tunisli, müsürli we ganaly talyplar gatnaşdylar.

 

turkmenmetbugat.gov.tm

23.10.2024ý.

Meňzeş habarlar

12 Sentýabr 2025 | 64 okalan

SAGDYN JEMGYÝET — ÖSÜŞLERIŇ KEPILI

12 Sentýabr 2025 | 51 okalan

SPORT — DURMUŞYMYZYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGI