Adam saglygy — jemgyýetiň iň uly baýlygy. Şonuň bilen baglylykda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, uly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze saglygy goraýyş desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Lukmançylyk ulgamynda işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak üçin daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alşylýar, ýaş lukmanlaryň dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlarynda bilim almagyna giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň möhüm bölegi “Saglyk” Döwlet maksatnamasydyr. Bu maksatnamanyň çäklerinde keselleriň öňüni almak boýunça giňişleýin çäreler geçirilýär, zyýanly endiklerden daşda durmak wagyz edilýär, ilatyň dogry iýmitlenmegi, ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmegi üpjün edilýär, çagalaryň we ýaşlaryň saglygyny goramak boýunça ýörite çäreler durmuşa geçirilýär.
Sagdyn jemgyýet sportdan başlanýar. Türkmenistanda täze sport toplumlary, stadionlar, sport meýdançalary gurlup, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri hem ýurdumyzyň sport ulgamynda ýetilen belent sepgitleriniň nyşanydyr.
Sagdyn jemgyýet ösüşleriň kepilidir. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan giň möçberli işler, sportuň ösdürilmegi, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ilatyň saglygynyň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilýär.
Owadan BABAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýat Geňeşiniň hojalyk işleri boýunça esasy hünärmeni.