«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Ýewropanyň iň beýik nokatlary hasaplanýan Elbrusyň günbatar we gündogar depelerine çykdylar. Olar bu belentlikde eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdylar.
Günbatar (5642 m) we Gündogar (5621 m) depeleriň arasynda eýer görnüşli gerşi (5416) ýerleşýär. Bu ýer Kawkazyň iň ýokary dag gerşi hökmünde tanalýar. Iki depesi ýylyň dört paslynda hem gar bilen örtülendir. Şonuň üçin takmynan bir million ýyl mundan ozal emele gelen bu gadymy ukuda ýatan wulkan halk arasynda «çal» Elbrus ady bilen tanalýar. Bu iki depe Elbrus dagynyň nyşanydyr.
Tejribeli alpinistleriň öň hem birnäçe halkara dag ekspedisiýalary bar. Olar 2011-nji ýylda 5165 metr beýiklikdäki Uly Ararat (Ermenistan), 2014-nji ýylda 5895 metr beýiklikdäki Kilimanjaro we 4562 metr beýiklikdäki Meru (Tanzaniýa), 2018-nji ýylda Argentina bilen Çiliniň serhedindäki 6960,8 metr beýiklikdäki Akonkagua (Andlar), 2018-nji ýylda Fransiýa we Italiýanyň serhedindäki 4810 metr beýiklikdäki Monblan (Günbatar Alplar) daglarydyr. 2019-njy ýylda bu alpinistler dünýäniň iň belent nokady – «Ýeriň üçegi» diýlip atlandyrylýan Jomolungma ýa-da Ewerest dagynyň depesine (Hytaý we Nepalyň serhedi, 8848 m) üstünlikli çykdylar. Ahyrynda bolsa, 2024-nji ýylda dünýäniň iň beýik daglarynyň biri we beýikligi boýunça ikinji orunda durýan Hytaýyň Pakistan bilen serhedindäki Karakorum dag ulgamynda ýerleşýän Çogori (8611 m) ýa-da K2 dagynyň depesine çykdylar. Olar bu belentlikleriň ählisinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdylar.
Türkmenistanda «Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň topary öz işini «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» we «Dragon Oil» (Türkmenistan) Ltd. (Birleşik Arap Emirlikleri) kompaniýalary bilen uzak möhletli şertnamalaryň esasynda alyp barýarlar. Türkmenistanyň «Uglewodorod serişdeler hakynda» Kanunyna we önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga laýyklykda, Holding «Blok-1» we «Çeleken» şertnamalaýyn meýdançalarynyň deňiz ýataklarynda geofiziki hem-de inžener-geologik gözleg işlerini üstünlikli amala aşyrýar.
Hazar deňziň şelfiniň beýleki sebitlerini özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde hem Holding Russiýanyň «PAO LUKOÝL», Gazagystanyň «KazMunaýGaz» paýdarlar jemgyýeti, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) we beýleki iri halkara nebit kompaniýalary bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
turkmenistan.gov.tm