Mälim bolşy, her ýylyň maý aýynyň 25-ne «Türkmeniň toýy goşa-goşadan gelýär» diýen pähminden gözbaş alýan «Soňky jaň» dabarasy hem-de Aşgabat şäheriniň güni şatlyk şowhuna beslenip, dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Ýurdumyzda olaryň şanyna ajaýyp dabaralar, çäreler geçirilýär.
Golaýda «Soňky jaň» dabarasy hem-de Aşgabat şäheriniň gününi mynasyp garşylamak maksady bilen Mary şäher häkimliginde baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga ady agzalan guramalaryň wekilleri, bilim işgärleri hem-de 2023-2024-nji okuw ýylyny üstünlikli tamamlaýan bagtyýar uçurymlar gatnaşdy.
Uly ruhubelentlige beslenip geçirilen baýramçylyk duşuşygynda çykyş edenler ilki bilen çärä gatnaşanlary ýetip gelen şanly baýram bilen gyzgyn gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda aýratyn many-mazmun bilen rowaçlanýan bilim ulgamynyň işi kämilleşdirilip, maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygy, ýaş nesliň ylymly, bilimli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýändigi,munuň şeýledigine ýaş nesilleriň döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda gazanýan netijeleriniň aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýändi dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Duşuşygyň dowamynda 2023-2024-nji okuw ýylynda tapawutlanan öňdebaryjy uçurymlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Täsirli geçen baýramçylyk duşuşygyň ahyrynda, ýaş nesilleriň ylymly-bilimli we ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan kämil şahsyýet bolup ýetişmegi ugrunda beýik başlangyçlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Resul BAÝRAMOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň başlygy.