Ýakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly garşylamak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň guramagynda Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde «Baş Kanunym buýsanjym – baýdagymyz guwanjym!» ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Bu goşa baýram mynasybetli guralan dabaraly çärä ady agzalan okuw mekdebinde zähmet çekýän mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdy.
Baýramçylyk duşuşygynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Baş Kanunymyzda raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň, hem-de adalatly, ynsanperwer jemgyýeti gurmagyň möhüm kadalary doly berjaý edilýändigini bellediler. Çykyşlarda beýan edilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasy ynsan mertebesini belende götermekde, raýatlaryň azat we erkana durmuşyny üpjün etmekde, watandaşlarymyzyň halal, öňdengörüjilikli zähmet çekmek baradaky mizemez hukuklaryny kepillendirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. «Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň giňden bellenilmegi, agzybir halkymyzyň Baş Kanunymyza hem-de baýdagymyza bolan söýgüsinden, buýsanjynyň beýikliginden nyşandyr» diýen jümleler bolsa, çärä gatnaşanlara ýakymly pursatlary bagyş eýledi.
Şeýle-de dabara gatnaşanlaryň her biri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Göwher KAKAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.