GAHRYMANLAR HALKYŇ KALBYNDA EBEDI ÝAŞAÝARLAR

      TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşi Beýik Ýeňşiň 79-ýyllygyny dabaralandyrmak, uruş weteranlarymyzyň watansöýüjiligini, batyrlygyny, edermenligini ýaşlara düşündirmek maksady bilen etrabyň 1-nji orta mekdebinde Gahrymanlar halkyň kalbynda ebedi ýaşaýarlaratly duşuşyk çäresini geçirdi.

      Çärede çykyş edenler geçen asyryň ortasynda bolup geçen gazaply söweş, ol söweşde mertligiň, batyrlygyň nusgasyny görkezen merdana ildeşlerimiz, şol döwürde urşuň yzynda galanlaryň çeken agyr zähmetleri, Beýik Ýeňşiň hatyrasyna  türkmen halkynyň hem uruşda we tylda  görkezen edermenlikleri dogrusynda şeýle hem urşa gatnaşan gahrymanlaryň halkymyzyň ýüreklerinde ebedi ýaşaýandyklary barada täsirli çykyşlary etdiler.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

25 Iýun 2025 | 532 okalan

ÝAŞ TÜRGENIŇ ÝÜREK BUÝSANJY

25 Iýun 2025 | 553 okalan

TARYHY BAÝ EZIZ ÜLKÄM

25 Iýun 2025 | 1404 okalan

DOKMA PUDAGY ÖSDÜRILÝÄR