Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 15-19-njy iýuny aralygynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde küşt boýunça 8,10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşy ýokary guramaçylyk derejesinde üstünlikli geçirildi. Bu halkara ýaryşynda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinden üstünlikli çykyş edip altyn medala eýe bolan türgenimiz Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji otra mekdebiň okuwçysy Dilber Hupbyýewa ýürek buýsanjyny size ýetirmegi makul bildik.
Dilber HUPBYÝEWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň
okuwçysy altyn medalyň eýesi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde ýaş nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn hem-de giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmegi ugrynda giň gerimli işler üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýär. Men paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen halkara ýaryşynda 12 ýaşly gyzlaryň arasynda küştüň rapid görnüşi boýunça 8 utuk gazanyp, altyn medala mynasyp boldum. Şu ýylyň 14-18-nji fewraly aralygynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde hem öňdäki orny eýeledim. Türkmen sportynyň şan-şöhratynyň artmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagky Gahryman
Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Taýýarlan: Jennet GULMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.