Ýakynda Hormatly Prezidentimiziň «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýen sargytlaryndan we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesliň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 – 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzjagazlaryň arasynda yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly şadyýan bäsleşigiň Mary şäher tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň mekdep tapgyrynda ýeňiş gazanan zehinli okuwçy gyzlar gatnaşdylar.
Eýjejikler bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmek hem-de ýaş aýratynlygyna görä ene-mamalarymyzdan nesilden-nesile geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek ýaly şertler boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşikde ýörite eminler topary düzülip, olaryň çykaran çözgüdine laýyklykda, I orna Mary şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Leýli Nurberdiýewa, II orna Mary şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Näzli Annamuhammedowa mynasyp boldular we bäsleşigiň Mary welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşige işjeň gatnaşanlara hem-de ýeňiji bolanlara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaralary ýagdaýda gowşuryldy.
Annagözel SARYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.