Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilip, ýaş nesillerimiziň watansöýüji, berk bedenli, sagdyn ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda çagalar baglarynda-da uly işleriň alnyp barylýandygyny bellemek zerur. Çünki, ýaşlarymyzda ilkinji düşünjeleriň kemala gelmegini ýola goýmak çagalar baglaryndan başlanýar. Biz hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri bolup, ýaşlaryň, ylaýta-da körpe nesilleriň arasynda bolup, olarda «Watan» diýen beýik düşünjäni kemala getirmek, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen yzygiderli çäreleri geçirýäris.
Hut şu nukdaýnazardan, golaýda körpe nesillerde surat çekmek bilen meşgullanmak endigini kemala getirmek we olaryň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen Murgap etrabynyň 6-njy çagalar bakja bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň guramagynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» ugur alyp guralan özara bäsleşik «Men ülkämi bilýärin» diýlip atlandyryldy. Oňa ady agzalan bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň birnäçesi gatnaşdy.
Gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşikde körpeler eziz Watanymyzy, ajaýyp tebigatymyzy, janly-jandarlarymyzy wasp etmek boýunça surat çekip öz ukyp we zehin başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň ýerine ýetiren işleri körpe nesilleriň döredijilige bolan söýgüsini has hem artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça öňdebaryjylygy eýeleýän körpeler we oňa işjeň gatnaşanlar ýaşlaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar.
Nowruz MÄLIKOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.