Şeýle beýik ýörelgä uýýan halkymyz öten-geçenlerini ýatlap, olary hatyralaýar. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda bolsa bu işler döwlet derejesinde amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz özüniň gahrymançylykly taryhynyň öçmejek pursatlaryny ýatlap, ata-babalarymyzyň edermenligine sarpa goýýar, merdi-merdanalyk baradaky hakydany nesilden-nesle geçirýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyndaky Berdimuhamet aganyň: «Halk biri-birini hatyralamagy, mertebelemegi adaty ýörelgä öwrende uly-uly derejelere ýeter, bagtly ýaşar» diýen sözleri biziň her birimiz üçin mekdepdir.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda taýýarlanylan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem Hatyra gününe bagyşlandy. Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde geçirilen bu söhbetdeşlikde ata Watan, mukaddes ene toprak, häzirki nesilleriň bagtyýar, erkana durmuşda ýaşamagy üçin şirin janyny orta goýup, gaýduwsyzlygyň, gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezen ärleriň watansöýüjilik ýoly dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle hem agzybirligi berkidip, ýagty ertirlere tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.