2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň 3-ne Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başyndaky syýasy gepleşik taýýarlanyldy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň iri çäreleriniň birine öwrülen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynda garalan meseleler we kabul edilen resminamalar boýunça geçirilen bu gepleşigiň barşynda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň täze taryhy eýýamda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täzeçe many-mazmuna eýe bolup durmuşa ornaşdyrylyşy, şunlukda ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň dünýäniň ösen şertlerinde ýaşamagy, okamagy, öwrenmegi, döretmegi, halal zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy ugrunda döredilýän giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, şol sanda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýandygy barada täsirli gürrüňler edildi. Çykyş edenleriň ählisi ýurdumyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden gelip çykýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda hem-de ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.