Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. «Saglyk – baýlyk», «Saglygym – begligim», «Baýlygyň sakasy – saglyk» ýaly dürdäne pikirleri bilen ençeme nakyllary, eserleri döreden ata-babalarymyz hem saglyk ýaly uly baýlygyň, begligiň ýokdugyny tekrarlapdyrlar. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde asyl käri lukman bolan Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlary, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda adam saglygyny goramak, ony dikeltmek boýunça dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Milli saglyk ulgamynda gazanylýan uly özgertmeler hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygy baradaky beýik hakykatyň güwäsi bolup durýar. Türkmenistan döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynyň Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen dünýä nusgalyk derejede ösendigi bolsa, häzirki wagtda tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ykrary bilen subut edildi.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, saglyk ulgamynyň kanunçylyk binýadyny düýpli we yzygiderli berkitmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilip, ýurdumyzda «Saglyk» döwlet maksatnamasy giňden dabaralandyrylýar. Bu maksatnamanyň çäklerinde häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini, oňa ählumumy elýeterliligiň bolmagyny şertlendirdi. Bu bolsa ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny berkitmäge, ömür dowamlylygyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Şeýle işlere halal zähmetleri bilen mynasyp goşant goşýan saglygy goraýyş ulgamynyň agzybir işgärleriniň hormatyna ýurdumyzda giň gerime eýe bolýan Saglygy goraýyş derman senagaty işgärleriniň güni Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ýokary ruhubelentlige beslenýär. Bu hünär baýramy mynasybetli düýn Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hem-de Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. «Sagdynlyk – bagtyýar durmuşyň kepili» ady bilen geçirilen bu söhbetdeşligiň barşynda çykyş edenler Milli Liderimiz lukman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Şeýle hem halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.